Soňky habarlar

Arhiw

«Yhlasly işiň miweleri» atly bäsleşik geçiriler

13:4530.08.2019
0
1317

Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasy, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky «Bereketli toprak» gazeti bilen bilelikde oba hojalygynda zähmet çekýän öňdebaryjy kärendeçiler, kombaýnçylar, ökde mehanizatorlar, göreldeli daýhanlar üçin «Yhlasly işiň miweleri» atly şygar astynda bäsleşik yglan edýärler.

Hasyl toýuny dabaralandyrmak maksady bilen, iň ýokary hasyl ýetişdiren kärendeçileriň, iň köp hasyl ýygan kombaýnçylaryň, ammara iň köp hasyl daşan sürüjileriň arasynda zähmet bäsleşigi yglan edilýär.

Bäsleşigiň şertine laýyklykda, oňa Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamynda zähmet çekýän kärendeçiler gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige oba hojalygynda iň ýokary hasyl ýetişdiren kärendeçiler, iň köp hasyl ýygan kombaýnçylar, ammara iň köp hasyl daşan sürüjiler hödürlenip bilner. Olaryň hasyl ýygnamakda gazanan üstünliklerini subut edýän, tassyklanan resmi maglumatlary hökmanydyr.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işleri üçin höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

«Yhlasly işiň miweleri» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesine çenli geçiriler.

Bäsleşige gatnaşyjylar aşakda görkezilen resminamalary tabşyrmalydyrlar.

Bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň gazanan üstünlikleri, amala aşyran işleri barada resmi maglumatlary «Yhlasly işiň miweleri» atly bäsleşiginiň ýazgysy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (özi we dogan-garyndaşlary hakynda 2 sany maglumat, 3x4 ölçegde 6 fotosurat, pasportynyň nusgasy) goşmalydyr.

Resminamalar 2019-njy ýylyň 31-nji oktýabryna çenli iberilmelidir. Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly 104, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasyna, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşine, welaýat we Aşgabat şäher komitetlerine.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi.

44-88-10, 44-89-40.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň