Soňky habarlar

Arhiw

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

23:5224.08.2019
0
8236

Şu gün Döwlet Medeniýet merkeziniň “Mukamlar” köşgünde Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu döredijilik bäsleşigini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlikleri bilelikde gurnadylar. Ýurdumuzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan 3 tapgyrda guralan deslapky döredijilik bäsleşiklerinden tapawutlanyp, “Ýaňlan, Diýarym-2019” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanan zehinli aýdymçylaryň çykyşlary täsirli boldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň hatarynda dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýaş harby gullukçylar, ýokary we ýörite orta okuw hünär mekdepleriniň talyplary, telekeçiler bar. Bäsleşigiň şertlerine görä, ýokary hünär derejeli eminleriň garamagyna dürli aýdym-saz eserleri hödürlendi. Bäsleşige gatnaşyjylar nusgawy, halk we döredijileriň aýdymlaryny, öz düzen eserlerini ýerine ýetirmekde zehin başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň öňünde iň ökde zehinli ýerine ýetirijileri saýlamak ýaly aňsat bolmadyk wezipe durdy. Aýdymçylaryň çykyşlaryna aýdym aýdyp biliş aýratynlyklary, ýerine ýetirijilik ussatlygy we sahnada özüni alyp barşy ýaly ugurlar boýunça baha berildi. Jemleýji konsert harby gullukçynyň we üflenip çalynýan saz gurallar orkestriniň ýerine ýetirmeginde “Her ykbalda, her keremde Arkadag” atly aýdymy bilen açyldy. Bäsleşigiň geçen ýylky ýeňijileri hem bu çärä çagyryldy.

    Döredijilik bäsleşigine 12 aýdymçy gatnaşyp, jeminiň jemlenilmegi hem-de ýeňijileriň yglan edilmegi juda tolgundyryjy boldy. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylar “Ýaňlan, Diýarym-2019” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Olara Milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylyp, diplomlar bilen sylaglandylar. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilelikde, “Arkadagly Watanym” aýdymyny ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň