Soňky habarlar

Arhiw

Boýko Borisow: «Türkmen tebigy gazyny Bolgariýa akdyrmak isleýäris»

22:4211.08.2019
0
5749

Ozal hem habar berşimiz ýaly, birinji Hazar ykdysady forumynyň işine Bolgariýanyň premýer-ministri  Boýko Borisow hem gatnaşýar. Belent mertebeli myhman Türkmenistana üç günlük saparynyň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki wezipelerini ara alyp maslahatlaşdy.

11-nji awgustda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçirilen sergilere hem  baryp gören myhman bu ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýusynda türkmen gazyny Bolgariýa akdyrmak boýunça gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, premýer-ministriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde köp sanly ministrlikleriň ýolbaşçylarydyr işewürler hem bar. Olar bu üç günlük saparyň çäginde ikitaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesini geçirdiler.

Premýer-ministriň metbugata beren interwýusynda hem aýdyşy ýaly, Hazaryň türkmen kenary ekologiýa taýdan baý sebit. Türkmenistanda tebigy gazyň baý gorlary bar. Aslynda, Türkmenistan bütin dünýäde gazyň we nebitiň ýataklaryna iň baý döwletleriň hatarynda. “Biz gaz akymlarynyň birini Bolgariýa sary ugrukdyrmak isleýäris. Bu akymy Russiýanyň üstünden geçirmäge kömek bermegini sorap, wise-premýer Dmitriý Medwedow bilen hem duşuşyk geçireris” diýip, bolgariýaly myhmanyň aýdan sözlerini Bolgar telegraf agentligi getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň