Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty - 2022: Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň giňeldilen düzümi yglan edildi

10:2908.08.2019
0
15058

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe ýygyndynyň giňeldilen düzümini kesgitledi. Düzüme 32 futbolçynyň ady goşuldy. Ýöne 20-nji awgustda bu düzüm 23 futbolça çenli azaldylar. Şol 23 futbolçy hem Dünýä çempionatynyň we Aziýa kubogynyň sentýabr aýynda geçiriljek saýlama duşuşyklarynda Türkmenistanyň abraýy üçin göreşer. Ozal hem habar berşimiz ýaly, güýzüň ilkinji aýynda milli ýygyndymyz Şri-Lankanyň we Koreýa Respublikasynyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Giňeldilen düzüme alnan futbolçylaryň altysy legionerlerdir. Baş tälimçiniň "Türkmenportala" beren ýörite interwýusynda hem aýdyşy ýaly, legionerlerimizden Artur Geworkýan, Wahyt Orazsähedow, Ruslan Mingazow, Arslanmyrat Amanow, Ahmet Ataýew we Amir Gurbany giňeldilen düzümde görkezildi. Olaryň haýsynyň esasy düzüme giriziljekdigini bolsa 20-nji awgustda bileris.

Düzümde Ýokary liganyň soňky möwsümlerinde özüni görkezip başlan ýaş futbolçylaryň hem adynyň bardygy ünsüňi özüne çekýär. Baş tälimçiniň 23 adamlyk düzümde olaryň hem käbirine mümkinçilik bermegine garaşylýar.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň giňeldilen düzümi:

1. Mämmet Orazmuhammedow;

2. Batyr Babaýew;

3. Rahat Japarow;

4. Mekan Saparow;

5. Şöhrat Söýünow;

6. Abdy Bäşimow;

7. Güýçmyrat Annagulyýew;

8. Bagtyýar Gürgenow;

9. Gurbanguly Aşyrow;

10. Gurbangeldi Batyrow;

11. Serdar Geldiýew;

12. Wezirgeldi Ylýasow;

13. Resul Hojaýew;

14. Mirza Beknazarow;

15. Yhlas Magtymow;

16. Merdan Gurbanow;

17. Döwletmyrat Seýitmuhammedow;

18. Artur Geworkýan;

19. Meýlis Diniýew;

20. Wahyt Orazsähedow;

21. Ruslan Mingazow;

22. Arslanmyrat Amanow;

23. Altymyrat Annadurdyýew;

24. Didar Durdyýew;

25. Myrat Ýagşyýew;

26. Zafar Babajanow;

27. Serdar Annaorazow;

28. Ahmet Ataýew;

29. Röwşengeldi Halmämmedow;

30. Berdimyrat Rejebow;

31. Amir Gurbany;

32. Mihail Titow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň