Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýada tamamlanan himiýa bäsleşiginde mekdep okuwçylarymyz 3 sany bürünç medaly eýelediler

11:2801.08.2019
0
24346
Fransiýada tamamlanan himiýa bäsleşiginde mekdep okuwçylarymyz 3 sany bürünç medaly eýelediler

Himiýa boýunça Fransiýada tamamlanan halkara bäsleşiginde türkmen okuwçylary baýrakly orunlaryň 3-ni eýelemegi başardylar. Dünýäniň 80 döwletinden mekdep okuwçylaryň gatnaşan 51-nji halkara himiýa bäsleşigine dünýäniň dürli döwletlerinden 309 okuwçy gatnaşdy. Halkara himiýa bäsleşigi iki tapgyrda ýagny, nazary bilimler we tejribe boýunça geçirildi.

Bu bäsleşige ýurdumyzdan 4 okuwçy gatnaşyp ýokary derejede çykyş etdiler. Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep internadynyň 9-njy synp okuwçylary Berdigylyç Rejepbaýew, Ýusup Döwltmyradow, Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen N-26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Pälwan Jumaýew üstünlikli çykyş edip bürünç medala eýe boldular. Döwlet mekdep internadynyň 11-nji synp okuwçysy Atabaý Allamyradow höweslendiriji baýraga mynasyp boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň