Soňky habarlar

Arhiw

Nabil Fekir we inisi “Betise” transfer boldy

15:4323.07.2019
0
1687

Ispaniýanyň “Betis” topary fransuzlaryň “Lion” toparyndan hüjümçi Nabil Fekiri hataryna goşdy. Ispan kluby fransiýaly hüjümçi bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. 26 ýaşly oýunçynyň bahasy 19,75 million ýewro bolup, onuň üstüne ýene-de 10 million ýewro goşulyp biler. Nabil Fekir Lionda 193 oýunda 69 gol geçiripdi. “Betis” topary Nabil Fekiriň jigisi Ýassin Fekiri hem “Liondan” transfer etdi. Baglaşylan şertnama laýyklykda, “Lion” kluby 22 ýaşly Ýassiniň geljekki transfer bahasynyň 50 göterimini alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň