Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda "Saglyk - 2019" halkara sergisi geçirildi

16:0920.07.2019
0
7098

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde 20-nji iýulda «Saglyk — 2019» atly halkara sergisi açyldy, onuň çäklerinde lukmançylyk ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça ylmy maslahat geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän forum dünýäniň onlarça ýurdundan wekilleri, şol sanda görnükli alymlary hem-de lukmanlary bir ýere jemledi.

Dünýäniň ösen döwletleri bilen özara bähbitli tejribäniň alşylmagy netijesinde, saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň kämil usullary netijeli ornaşdyrylýar. Bu bolsa lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bularyň hemmesi bilen sergide tanyşdyrylyp, bu ýerde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň edaralary hem-de kärhanalary bilen bir hatarda, Ýewropanyň, Amerikanyň we Aziýanyň ýurtlaryndan kompaniýalaryň iki ýüz onusy öz önümlerini görkezdiler.

Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlaryndan başga-da, sergide öz harytlaryny ilkinji gezek kompaniýalaryň 21-si görkezdi. Sergi daşary ýurtly önüm öndürijileriň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň wekilleriniň köpüsi üçin geljegi uly türkmen bazarynda ornaşmak baradaky mümkinçilikleriniň we hyýallarynyň beýany bolup durýar.

Lukmançylyk ylmynyň we işiniň gazananlarynyň sergisi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde ähmiýetli çäre boldy. Bu sergi saglyk ulgamynyň täzelikleri, bu ulgamda öňdebaryjy usullar we hyzmatlar bilen tanyşmak üçin hünärmenlere mümkinçilik döretdi. Giň gerimli sergi barlaghana we anyklaýyş enjamlary, lukmançylyk gurallary hem-de serişdeleri, optika hem-de oftalmologiýa, reanimasiýa, intensiw terapiýa we anesteziýa, enäniň hem-de çaganyň saglygyny goramak, stomatologiýa ugurlaryny öz içine alýar.

Bu ýerde «Çaga iýmiti», «Sagdyn iýmitlenmek», «Düýe çaly we agaran», «Kosmetologiýa», «Surdologiýa», «Simulýasiýa», «Lukmançylygyň täze tehnologiýalary we sport lukmançylygy», «Maşgala lukmançylygy we jemgyýetçilik saglygy», «Ýokanç däl keseller», «Bejeriş edaralarynyň ýeten sepgitleri» boýunça täze ugurlaryň sergileri, ýokanç däl keseller boýunça maslahat beriş nokatlary gurnaldy. Şeýle üstünlikleriň hatarynda ýokanç keselleriň birnäçesi, şol sanda ýokanç deri, poliomielit, gyzdyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilmegi bar, bu halkara derejesinde hem ykrar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň