Soňky habarlar

Arhiw

Futbol: Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk "Nusaý" stadionynda geçiriler

15:4206.07.2019
0
7288

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2018-nji ýylyň futbol möwsüminiň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygynyň geçiriljek wagtyny kesgitledi. Federasiýanyň resmi saýtynda habar berilişi ýaly, duşuşyk 3-nji awgustda Aşgabatdaky "Nusaý" stadionynda geçiriler.

Naýbaşy kubok üçin Aşgabadyň iki topary göreşer. Geçen möwsümiň çempiony "Altyn asyr" bilen Türkmenistanyň kubogynyň eýesi "Köpetdagyň" arasynda boljak gyzykly duşuşyk Naýbaşy kubogyň eýesini kesgitlär. Duşuşyk ilki 9-njy marta bellenipdi, käbir sebäplere görä, onuň wagty başga güne süýşürilipdi 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň