Soňky habarlar

Arhiw

2020-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda zähmet haklary, pensiýalar we kömek pullary köpeldildi

23:5105.07.2019
0
24045

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda" Permana gol çekdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öň­de goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, kabul edilen resminama laýyklykda:

1. 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

1) býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň;

2) pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň;

3) talyp we diň­leýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar.

2. 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

1) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 1415 manat möçberde;

2) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 415 manat möçberde;

3) pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 338 manat möçberde;

4) döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 322 manat möçberde bellenildi.

3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 870 manat möçberde belläp, ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmak makul görüldi.

4. 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özü­ňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini şu Permana 1 — 7-nji goşundylara laýyklykda tassyklamaly.

5. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hemde peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň