Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň tebigy gazdan awtomobil benzinini öndürýän zawodyň işe girizilmegine bagyşlanan dabarada eden çykyşy

22:4528.06.2019
0
8656

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Men siziň ähliňizi eziz Diýarymyz üçin şatlykly waka — tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürýän zawodyň ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň bilşiňiz ýaly, Bitarap döwletimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty berkarar Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynyň ähli ulgamynyň binýady bolup durýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, ylmy-tehnologik we maýa goýum gatnaşyklarynyň esasy ugruny kesgitleýär.

Biz ähli gyzyklanýan taraplar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge, söwda, ulag-kommunikasiýa gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardyrys. Ýurdumyzyň çäkleriniň üsti bilen harytlaryň geçiriljek amatly ugurlaryny hödürläp, biz ykdysady polýuslary we iri bazarlary özara baglanyşdyrýarys.

Biziň ykdysady nusgamyz iň gowy dünýä tejribesini nazara almak bilen, döwlet we milli bähbitler, sebit hem-de ählumumy durnukly ösüşiň wezipeleri esasynda amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hyzmatdaşlyk etmegiň ähli ugurlarynda özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezýär.

Hormatly adamlar!

Eýsem, daşary ýurt kompaniýalaryny biziň giň gerimli üpjünçilik we senagat taslamalarymyza maýa goýumlaryny goýmaga nähili güýç çekýär?!

Elbetde, olary ykdysady bähbit çekýär. Sebäbi ata Watanymyzyň ägirt köp tebigy serişdeleri bar. Şol baýlyklary netijeli ulanmak, olary diňe bir döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmagyň çeşmesine öwürmek bilen çäklenmän, eýsem, köp sanly dünýä meselelerini çözmegiň hem serişdesine öwürmäge mümkinçilik berýär.

Bu bolsa goşmaça gymmaty ýokary bolan harytlary öndürmegiň ähli tapgyrlaryny döretmek üçin ägirt uly çig mal gorlaryndan başga-da, Türkmenistanyň sebit bazarlarynda geljegi uly bolan täsirli döwlet hökmünde daşary ýurt işewürlerini özüne çekmegine hem ýardam berýär.

Muňa jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň ýokary görkezijini (bütin dünýäde ýokary görkezijileriň birini) gazanmagy hem doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna, şol sanda üstaşyr-ulag geçelgelerini we innowasion-senagat taýdan ösüşiň täze ugurlaryny döretmek arkaly işjeň goşulýandygyny görkezýär.

Häzirki döwürde dünýä dördünji senagat rewolýusiýasyny başdan geçirýär. Biziň ýurdumyz hem tehnologiýalary we nou-haulary alyşmak, ylmy köp talap edýän önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda aň-bilim ulgamlaryny ornaşdyrmak we sanly utgaşmagy gazanmak arkaly bu işlere giňden çekilýär. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymy, ýokary tehnologiýalar we dolandyryş çözgütleri bize öz zähmet hem-de çig mal serişdelerimizi giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Ykdysady ösüşi çalt gazanmak üçin giň şertleri döredýär.

Sanly ykdysadyýete geçmek bilen, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň, bazar we düzümleýin özgertmeleri geçirmegiň, gaýtadan işleýän pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze tapgyry başlanýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň bütin dünýäde dokma harytlaryndan başlap, gazhimiýa önümlerine çenli harytlary eksport edýän iri döwlet hökmünde orny güýçlenýär.

Şunuň bilen baglylykda, biziň düýpli «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barmak baradaky aýgytly pikirimizi aýratyn bellemek isleýärin. Bu syýasat ýurdumyzyň ykdysadyýetini täzeden ýokary götermek üçin esasy şert bolup durýar. Onuň bäsleşige ukyply bolmagyny, mynasyp hyzmatdaş hökmünde mertebesini berkidýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýädäki diplomatik abraýyny ýokarlandyrýar.

Häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly, nebitgaz pudagynyň önümleriniň halkara bazarynda uly isleg bildirilýän görnüşlerini öndürmek esasynda ýurdumyzy ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna laýyklykda, bu ugurda eýýäm ençeme taslamalar amala aşyryldy. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ulanylmaga berlen polimer zawody munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Biz şu gün ýene-de bir şanly wakanyň şaýady bolýarys. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň şu güni önümçilik maksatly täze desgany, ýagny tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk zawody işe girizýäris.

Şular ýaly görlüp-eşidilmedik taslamalary amala aşyryp, biz ýurdumyzyň bütin dünýä üçin geljege gönükdirilen «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň iň işjeň merkezleriniň birine öwrülmegi üçin zerur bolan şertleri döredýäris.

Bu döwrebap senagat desgasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň, Şwesiýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň we beýleki döwletleriň dünýä belli öndürijileriniň, iň täze ylmy tehnologiýalary hem-de enjamlary bilen üpjün edildi. Täze kärhanada her ýyl 1 milliard 785 million kub metr «mawy ýangyç» gaýtadan işlenip, iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna EСО-93 kysymly benzin, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndüriler.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Kriminalistik barlaglar merkezinde täze benziniň fiziki-himiki häsiýetine seljerme geçirildi. Seljermäniň netijeleri alnan benziniň EСО-93 kysymly benzine Döwlet standartynyň bildirýän talaplaryna, himiki düzümi boýunça bolsa ekologiýa howpsuzlygynyň 5-nji derejesine laýyk gelýändigini görkezdi.

Alnan EСО-93 kysymly benzin bilen nebitden alnan benziniň hil taýdan häsiýetnamalary deňeşdirilip, olara baha berlende, EСО-93 benzini ulanylanda, onuň düzüminde kükürdiň 50 esse, benzolyň 3,5 esse, beýleki ysly uglewodlaryň hem 20 göterim azdygy anyklandy. Bu ýagdaý bolsa howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Bu taslamanyň umumy bahasy 1 milliard 700 million amerikan dollaryna barabardyr. Taslamany maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky gatnaşdy. Bu kärhananyň işe girizilmegi bilen, 800-e golaý goşmaça iş orunlary döredildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça onuň gurluşyk işlerini «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýalarynyň konsorsiumy hem-de «Rönesans» türk kompaniýasy amala aşyrdy.

Täze zawodyň düzümi dört sany tehnologik desgadan ybaratdyr. Şolar gazy sintezleýän, sintetik metanoly we sintetik benzini öndürýän, awtomobil ýangyjynyň hilini ýokarlandyrýan desgalardyr. Mundan başga-da, bu ýerde tehnologik işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan gysylan howany, azody we kislorody öndürýän kömekçi tehnologik desgalar hem işlediler. Ähli önümçilik ulgamy awtomatlaşdyrylyp, ony dolandyrmak merkezleşdirilip amala aşyrylar. Kärhanada işleýän ýerli hünärmenler Ýaponiýadaky ýöriteleşdirilen kompaniýalarda okadyldy.

Men şu ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bu täze zawodynyň köp görkezijiler boýunça ýeke-täk kärhanadygyny bellemek isleýärin. Dünýäde ilkinji gezek bu kärhanada tebigy gaz senagat möçberinde suwuk ýangyja öwrülýär.

Bu ägirt uly çözgüt, GTG — gas to gasoline taslamasy Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň işläp taýýarlan TIGAS tehnologiýasy boýunça amala aşyrylýar. Şeýlelikde, GTG tehnologiýasy täjirçilik derejesinde dünýäde ilkinji gezek Türkmenistanda durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň kabul edilen Maksatnamasyna laýyklykda, biz ýakyn wagtda Balkan, Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlarynda ýene-de ençeme gazhimiýa toplumlaryny hem-de zawodlaryny gurmagy göz öňünde tutýarys. Bu senagat desgalary bilen birlikde, durmuş maksatly binalary hem gurarys. Munuň özi mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyryp, hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga ýardam berer!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Garaşsyz Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de depginli alyp barar. Şol kompaniýalaryň ýurdumyzda işlemegine geljekde hem ýardam berip, olar bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary eder.

Bu bolsa, öz gezeginde biziň sebitimiziň ykdysady mümkinçiligine we halklarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirer.

Men siziň ähliňizi şu günki şatlykly waka — tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürýän täze zawodyň ulanylmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

(Aşgabat, 2019-njy ýylyň 28-nji iýuny)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň