Soňky habarlar

Arhiw

Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

10:5428.06.2019
0
3991
Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Şu gün, 28-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy. Dabara daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistandaky diplomatik korpusyň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, syýahatçylar, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Täze senagat toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi mynasybetli «Mizan» täjirçilik merkezinde geçirilen dabaraly mejlise Türkmenistanyň hormatly Prezidenti gatnaşdy hem-de çykyş etdi. Öz çykyşynda hormatly Prezidentimiz soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda nebit-gaz we gazhimiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işler, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalar, şeýle hem dünýäde görnüşi boýunça ýeke-täk iri zawodyň açylmagynyň ýurdumyzyň dürli ulgamlarynyň ösüşine ýetirjek täsiri barada giňişleýin beýan etdi. Gaza, nebite we beýleki mineral baýlyklara baý bolan Türkmenistanyň häzirki wagtda halkara giňişliginde nebitgaz ulgamynda alyp barýan hyzmatdaşlygy, nebit we gaz önümlerini eksport etmek boýunça tutýan orny we geljekki mümkinçilikleri barada nygtaldy.

Soňra ýurdumyzyň nebitgaz, energetika, gazhimiýa toplumlarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Çäräniň dowamynda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Ýoşihiko Isodzaki Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň ýollan gutlag hatyny okady. Şeýle hem Ýaponiýanyň Liberal-demokratik Partiýasynyň Daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Şinpei Matsuşita çykyş etdi. 

Soňra Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawoda «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemiji tarapyndan «Dünýäde ilkinji gazdan benzin öndürýän zawod» diýen sertifikatyň,  ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň Ýewropa sebiti boýunça koordinatory Pia Skambelluri tarapyndan «Ekologiýa taýdan arassa» diýen sertifikatyň we nyşanyň, şeýle hem Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň Energetika bölüminiň müdiri Urs Weýdmann tarapyndan «Innowasion tehnologiýa» boýunça sertifikatyň we nyşanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Dabaraly mejlis tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti hem-de Ýaponiýadan gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde türkmen Lideri wideoşekil arkaly zawodyň önümçilik kuwwatlylygy bilen tanyşdy hem-de täze önümi içerki sarp edijilere we daşary ýurtlara ibermäge Ak pata berdi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň