Archive news

Türkmenistanda ABŞ-nyň ilçisi işläp başlady

23:4926.06.2019
0
2109
Türkmenistanda ABŞ-nyň ilçisi işläp başlady

Şu gün Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklara yzygiderli depginiň mahsusdygy bellenildi. Şu babatda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşine uly orun berilýär. Onuň işi özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge we umuman, netijeli hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönüden-göni ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen meşhur amerikan kompaniýalarynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy aýdyň mysal hökmünde getirip bolar. Bu kompaniýalar geljegi uly türkmen bazarynda öz eýeleýän orunlaryny berkitmäge hem-de dürli pudaklarda täze taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen bir hatarda, netijeli ynsanperwer gatnaşyklara, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugry boýunça gatnaşyklara hemişe uly ähmiýet berilýär.

Parahatçylygy, sebit hem-de ählumumy howpsuzlygy, döwrüň wehimlerine garşy hereket etmegi üpjün etmek meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş üçin rowaçlygy pugtalandyrmagyň we şertleri döretmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýan Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik döredijilikli syýasatynyň eýeleýän orny, şeýle hem milli Liderimiziň energiýa howpsuzlygy ulgamynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda hem-de beýleki möhüm ugurlarda halkara gatnaşyklar babatda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Şunda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýollar bilen düzgünleşdirmäge, goňşy döwleti durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeltmäge ýurdumyzyň uly goşandy nygtaldy. Bu bolsa TOPH transmilli gaz geçirijisi ýaly anyk düzümleýin taslamalarda öz beýanyny tapýar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň