Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn Asyr” bassyr ikinji ýyl AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ýarymfinalyna çykdy

21:2526.06.2019
0
5620

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary myhmançylykda täjikleriň “Istikloly” bilen geçiren duşuşygyny 1:1 hasabynda tamamlap, bassyr ikinji ýyl AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigini ýeňiş bilen tamamlady. Paýtagtymyzyň toparynyň bu deňligi oňa AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ýarymfinalyna çykmagyna mümkinçilik berdi. Duşenbäniň merkezi stadionyna ýygnanan14 müň janköýeriň şaýatlygynda geçen duşuşykda Merkezi Aziýa sebitiniň “D” toparçasynyň ýeňijisi kesgitlenilýärdi. Paýtagtymyzyň toparyna toparçadan çykmak üçin deňlik hem ýeterlikdi.

 Hasaby ilki toparymyz açmagy başardy. Oýnuň 49-njy minutynda Altymyrat Annadurdyýew “Altyn Asyry” öňe saýlady. 57-nji minutda Fathullo Fathulloýew hasaby deňlän topy öz adyna ýazdyrdy. Ýöne muňa garamazdan, duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

Myhmançylykda gazanan deňligi toparymyza AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigini ýeňiş bilen tamamlamagyna ýeterlik boldy. “Altyn Asyryň” AFK-nyň interzolagynyň ýarymfinalyndaky garşydaşy az soňra mälim bolar.  

“D” toparçanyň beýleki duşuşygynda gyryzlaryň “Dordoýy” öz meýdançasynda täjikleriň “Hujandyny” 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň