Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäginde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Bu barada TDH-nyň berýän habarynda aýdylyşy ýaly, hususan-da: Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Kazanyň döwlet energetika uniwersitetiniň arasynda Özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen «Innopolis uniwersiteti» awtonom täjirçilik däl ýokary bilim guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Toplumlaýyn energoösüş Holding» dolanlyryjy kompaniýasy» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen W.D.Şaşin adyndaky «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Kamaz» kysymly awtoulag tehnikalaryny getirmek we olara geljekde hyzmat etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» Agentligi bilen «Kamaz» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.