21-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanyna nebitgaz ulgamyna döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyny degişli kompýuter tehnikalary we ýörite programma üpjünçiligi bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, bu enjamlaryň hem-de programmalaryň dürli ugurlarda giňden ulanylýandygy bellenildi. Hususan-da, olar geologiýa-gözleg hem-de nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we gidrodinamiki şekili düzmek işlerini ýerine ýetirmekde ulanylýar.
Türkmenistanyň Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň ylmy-tehniki kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemmetaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady. Aýratyn hem munuň özi nebitiň hem-de gazyň uly çuňlukda ýerleşýän gorlaryny gözlemek we ýüze çykarmak, degişli ýataklarda uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň netijeliligini artdyrmak ýaly ugurlarda has wajypdyr. Ýene-de bir möhüm ugur nebitgaz işleri amala aşyrylanda, maddy-enjamlaýyn we maliýe çykdajylaryny azaltmak, pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alymlaryň we ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleriniň döwrebap sanly tehnologiýalaryň binýadynda uly tejribesiniň we bilimleriniň birleşdirilmeginiň ýokary ykdysady netije bermäge ukyplydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu tehnologiýalary doly özleşdiren ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselesine-de aýratyn üns bermegi tabşyrdy.