Arhiw

Türkmen wekiliýetiniň Owganystana saparynyň çäginde ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi

11:2622.06.2019
0
4546

21-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda we başlangyjy boýunça Türkmenistan goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine gönükdirilen giň möçberli uzak möhletli işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, energetika we ulag ulgamlarynda möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilmegini, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň berilmegini mysal hökmünde görkezmek bolar.

Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 16 — 17-nji iýunda ýurdumyzyň wekiliýeti Hyrat şäherine bardy. Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça giňişleýin gepleşikler geçirildi. Şeýle hem goňşy ýurda iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça başlangyçlara garaldy.

Şunuň bilen birlikde, türkmen-owgan serhedinden Andhoý şäherine çenli goşmaça elektrik geçirijini hem-de Owganystanyň Hamýap we Garkyn diýen ilatly ýerleriniň arasynda elektrik geçiriji ulgamy çekmek boýunça gepleşikler geçirildi.

Mundan başga-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Akina — Andhoý, Turgundy — Hyrat demir ýol taslamalaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek bilen baglylykda degişli tekliplere garaldy.

Hyzmatdaşlygyň täze ugry hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan öndürilýän önümleri ýurdumyzdan Owganystana ibermek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Turgundy — Hyrat demir ýolunyň gözleg işlerini geçirmek, taslamalaşdyrmak we gurmak taslamasy boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Owganystan Yslam Respublikasynyň çäklerinde demir ýol desgalarynyň gurluşygyna maýa goýumlaryny çekmek babatdaky Ähtnama, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» döwlet korporasiýasynyň arasynda meýiller hakyndaky Teswirnama, Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygynyň Şertnamasyna gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine giren Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Hyrat welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirendikleri barada habar berildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen degişli taslamalar boýunça pikir alşyldy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Bilelikdäki önümçiligi döretmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama («Super Cola beverages Manufacturing Co.»), Bilelikdäki önümçiligi döretmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama (guşçulyk fermasyny gurmak barada) gol çekildi.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde Hyrat welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda owganystanly hyzmatdaşlaryň sebit görnüşinde, hususan-da, Mary welaýaty bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu sebitleriň ýolbaşçylarynyň derejesinde 2019 — 2020-nji ýyllar döwründe özara saparlary guramak barada pikir alşyldy.

Hyrat we Mary welaýatlarynda iki ýurduň halklarynyň medeniýetlerine bagyşlanan çäreleri geçirmek, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle hem sport ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak, ýokarda agzalan sebitleriň sport toparlarynyň gatnaşmagynda ýaryşlary geçirmek baradaky tekliplere garaldy.

Owganystanyň daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda döwletara ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän taslamalar boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, iri taslamalara syýasy taýdan goldaw bermek, «Merkezi Aziýa+Owganystan» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gatnaşyklary berkitmek, Aşgabatda parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde puştu dilini okatmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Hyrat we Bathyz welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, şol sanda ýaşulular bilen duşuşyk geçirildi. Olar hormatly Prezidentimize mähirli salam aýdyp, milli Liderimize Owganystanda ýaşaýan watandaşlarymyza hemişe goldaw berýändigi, goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürýändigi, döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi barada ýadawsyz tagalla edýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň