Soňky habarlar

Arhiw

"Owadan ülke” kärhanasy 2019-njy ýylda ýygnalan hasyldan gök pomidoryň konserwirlenen görnüşini öndürmäge başlady

15:3320.06.2019
0
2490

Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän we “NUR” söwda nyşanly maýonezi hem-de üwmeji wakuumly plastiki gaplarda taýýarlaýan “Owadan ülke” kärhanasy 2019-njy ýylda ýygnalan hasyldan gök pomidoryň konserwirlenen görnüşini öndürmäge başlady - "Biznes Türkmenistan" saýty habar berýär.

Täze möwsümde telekeçiler alyjylara uzak möhletleýin saklanylýan önümleriň 20-ä golaý görnüşini hödürleýärler. Kärhananyň marinada ýatyrylan hyýarlarydyr pomidorlaryndan başga-da, gowrulan badamjan, ajika hem-de burç goýaltmasy söwda nokatlaryna gowşar. “NUR” söwda nyşany özüniň ýokary hilli we elýeter bahasy bilen alyjylaryň uly isleglerinden peýdalanýar.

Şu ýyldan başlap, marinirlenen harytlaryň ähli görnüşleri ýurdumyzda öndürilýän çüýşe gaplara gaplanar. Eýýäm 900 gramlyk marinada ýatyrylan önümler üçin gaplaryň 7 milliona golaýy sargyt edildi.

Kärhanada maýonezi we üwmeji "doý-pak" görnüşinde wakuumly plastiki gaplara gaplaýjy enjam oturdyldy. Her gün kärhanada ýumşak gaplara gaplanan üwmejiň 5 tonnasy öndürilýär. “NUR” söwda haryt nyşanynyň ähli önümleriniň görnüşleri ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirlen gök önümlerden taýýarlanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň