Soňky habarlar

Arhiw

Maksim Kazankow "Tom" futbol toparyna goşuldy

09:1717.06.2019
0
9275

32 ýaşly ýarym goragçy Maksim Kazankow erkin oýunçy hökmünde "Tom" toparynyň düzümine goşuldy diýip, rus klubynyň resmi saýty habar berýär. Futbolçy topar bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy.

1987-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda doglan Maksim Kazankow türkmenistanly futbolçy we tälimçi Sergeý Kazankowyň ogludyr. Türkmenistanda "Nisa", "Köpetdag" we "Aşgabat" ýaly toparlaryň düzüminde çykyş eden futbolçy Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny hem gazandy.

Ol 2008-nji ýyldan başlap, dürli ýyllarda Russiýanyň we Özbegistanyň birnäçe toparlarynda futbol oýnady. Türkmenistanly futbolçy häzirki toparyna gelmezden ozal "SKA-Habarowsk" klubyny üstünlikleri üçin göreşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň