Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: "Altyn asyr" bilen "Ahalyň" soňky sekuntlarda ýeňşi elden gidiren tapgyrynda "Şagadam" barha arany açdy

23:5715.06.2019
0
4026

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynda myhmançylykda “Nebitçiden” 2:1 hasabynda üstün çykan “Şagadam” çempionlyk ugrunda artykmaçlyk gazandy. Bu tapgyrda Türkmenbaşy şäheriniň toparynyň çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşleri “Ahal” bilen “Altyn Asyr” toparlary deňlik bilen oňňut etmeli boldular. “Ahal” “Köpetdag” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan bolsa, “Altyn Asyr” öz meýdanynda “Aşgabat” bilen utuk paýlaşmaly boldy - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň utugyny 28-e ýetiren “Şagadam” eýeleýän öňdäki ornunda galdy. 23 hem-de 21 utukdan toplan “Altyn Asyr” bilen “Ahal” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler. Bu toparlaryň ikisiniň hem “Şagadamdan” bir duşuşygy az geçirendigini aýtmak gerek.

Futbol çempionatymyzyň 12-nji tapgyrynyň geçirilen duşuşyklary 22-nji iýunda geçiriler. Ýöne ondan ozal 18-nji iýunda 13-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygy geçiriler. Onda "Ahal" bilen "Merw" duşuşar.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

 “Nebitçi” – “Şagadam” – 1:2

Gollar: 15 Akmämmet Metdäýew (“Nebitçi”) – 45+1 Daýanç Orazgulyýew, 82 Kerim Hojaberdiýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

 

 “Energetik” – “Merw” – 1:0

Gol: 26 Döwran Hojamämmedow (“Energetik”)

Duýduryşlar: 70 Döwran Hojamämmedow (“Energetik”)

Meýdandan çykarylan: 80 Akmyrat Jumanazarow (“Energetik”)   

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

 

 “Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 1:1

Gollar: 90+3 Orazmuhammet Işangulyýew (“Aşgabat”) – 76 Murat Ýakşiýew (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 26 Begenç Akmämmedow (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 300

 

“Ahal” – “Köpetdag” – 1:1

Gollar: 36 Guwanç Abylow (“Ahal”) – 90+4 Baýramgeldi Gulmaýew (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 66 Wezirgeldi Ylýasow, 85 Gurban Annaýew (“Ahal”) – 72 Elýasberdi Berenow, 78 Serdarmyrat Baýramow (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 300

 

Ýaryş tertibi:

1. “ŞAGADAM” 13/28

2. “ALTYN ASYR” 12//23

3. “AHAL” 12/21

4. “ENERGETIK” 13/18

5. “AŞGABAT” 12/14

6. “KÖPETDAG” 13/13

7. “NEBITÇI” 13/12

8. “MERW” 12/6

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň