14-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanyna ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de 28-nji iýunda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu waka bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasy barada habar berildi.
Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana görkezijiler boýunça täsin bolup durýar. Bu ýerde dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjy öndüriler.
Zawodyň taslama kuwwaty Euro-5 standarty boýunça ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem bir ýylda arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiz bu giň möçberli maýa goýum taslamasynyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamak, çig maly gaýtadan işlemäge hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli gazhimiýa önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilen innowasion önümçilikleri döretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Şunda ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmy-tehniki işläp taýýarlamalarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleri çözmek babatda möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze zawody açmak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmek barada wise-premýere görkezmeleri berdi.