Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-de Litwa Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

11:2913.06.2019
0
3476

12-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Waldas Lastauskas bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Litwanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi dialogynyň çäklerinde hem-de abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, BMG bilen hyzmatdaşlykda alnyp barlan işleriň netijeliligi dogrusynda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Türkmenistanda diplomatik işini amala aşyran döwründe görkezen işjeňligi üçin Litwa Respublikasynyň Ilçisine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň