Tomusky dynç alyş möwsüminiň gelmegi bilen, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalardyr dynç alyş merkezlerine ýurdumyzyň raýatlary köpçülikleýin gelip başlaýarlar. Bu bolsa ilkinji nobatda gatnawdaky mümkinçilikleri talap edýär.
Şu ýagdaýy nazarda tutup, Türkmenabadyň Halkara howa menzili ýakynda Türkmenabat - Türkmenbaşy we Türkmenbaşy - Türkmenabat gatnawlarynyň sanyny köpeltdi. Menziliň "Türkmen gündogary" gaetinde ýerleşdirilen täze rejenamasyna görä, indi her hepdäniň çarşenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri bu ugurlar boýunça howa gatnawlary amala aşyrylar. Has takygy, çarşenbe we penşenbe günleri 19:35-de, şenbe hem-de ýekşenbe günleri 17:40-da Türkmenabat - Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawy işlär. Türkmenbaşy - Türkmenabat ugry boýunça bolsa Çarşenbe, penşenbe we şenbe günleri 19:05-de, ýekşenbe güni 17:50-de gatnaw amala aşyrylar.
Täze gatnaw ugurlary 27-nji maýdan güýje girdi. Türkmenabadyň halkara howa menziliniň habar bermegine görä, bu ugurlar Awazadaky dynç alyş möwsümi tamamlanýança hereket eder.