Soňky habarlar

Archive news

Balkan welaýatynyň futzalçylary ýetginjekleriň arasyndaky çempionatyň ýeňijisi boldy

18:2309.06.2019
0
1562
Balkan welaýatynyň futzalçylary ýetginjekleriň arasyndaky çempionatyň ýeňijisi boldy

2002-2003-nji ýylda doglanlaryň arasynda paýtagtymyzda futzal boýunça geçirilen “Türkmenistan rowaçlygyň Watany”  atly ýaryşynda“Balkan” topary ýeňiji boldy. Balkan welaýatynyň topary final duşuşygynda “Ahaldan” 6:2 hasabynda üstün çykdy - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

GOÝÇÝSM toparyny ýeňlişe sezewar eden Lebap welaýatynyň topary hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Garşydaşlarynyň derwezesine 14 top geçiren Mergen Sapaşew (GOÝÇÝSM) ýaryşyň iň köp gol geçiren oýunçysyna gowşurylýan baýraga mynasyp görüldi. “Balkan” toparynyň derwezeçisi Serdar Röwşenow derwezeçileriň arasynda iň ökdesi diýlip saýlanyldy.

Welaýatlarymyzyň ähli künjegine wekilçilik edýän toparlaryň sekizisiniň gatnaşmagyndaky bäsleşik paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçirildi.

Final

«Balkan» – «Ahal» -  6:2

3-nji orun ugrunda:

«Lebap» – GOÝÇÝSM - 6:3.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň