Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly hünärmenler Özbegistanyň hem-de KHDR-nyň arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna eminlik etdiler

23:2007.06.2019
0
9077

Şu gün Özbegistanyň futbol ýygyndysy KHDR-nyň futbolçylaryny geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňdi. Duşuşyk özbek futbolçylarynyň 4:0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy - diýip, championat.asia saýty habar berýär.

Daşkent şäherindäki "Milli" stadionynda geçirilen duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny 29-njy minutda Odil Ahmedow (11 metrlik jerime urgusyndan), 65-nji minutda Temurhoja Abduholikow, 68-nji minutda Igor Sergeýew we goşmaça wagtyň 1-nji minudynda Doston Tursunow geçirdi.

Duşuşygyň türkmenistanly futbol janköýerleri üçin has gyzykly tarapy onda biziň ildeşlerimiziň eminlik edenligidir. Has takygy, FIFA derejeli eminimiz Çarymyrat Gurbanow duşuşygyň baş emini boldy. Pälwan Pälwanow bilen Ahmet Begnazarow bolsa oňa kömek berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň