Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

11:5723.05.2019
0
8367

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji iri okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Ýakynda käbir toparlaryň futbolçylaryny ýygnap, bir günlük türgenleşik geçen tälimçi indi futbolçylary Aşgabatda we Dubaýda (BAE) geçiriljek köp günlük türgenleşiklere çagyrdy.

26-njy maýdan 3-nji iýuna çenli Aşgabatda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna 29 futbolçy gatnaşar. Olar milli çempionatymyzdaky "Altyn asyr", "Ahal", "Köpetdag", "Aşgabat" we "Şagadam" toparlaryna we daşary ýurtlaryň käbiriniň çempionatlaryna wekilçilik edýärler. Has takygy, Aşgabatdaky türgenleşikler şu futbolçylar bilen geçiriler:

derwezeçiler: Mämmet Orazmuhammedow («Altyn asyr»), Batyr Babaýew («Ahal»), Rahat Japarow («Köpetdag»);

goragçylar: Gurbangeldi Batyrow, Bagtyýar Gürgenow, Zafar Babajanow, Mekan Saparow (ählisi ― «Altyn asyr»), Serdar Annaorazow, Gurbanguly Aşyrow, Şöhrat Söýünow, Abdy Bäşimow (ählisi ― «Ahal»);

ýarym goragçylar: Güýçmyrat Annagulyýew («Aşgabat»), Resul Hojaýew, Serdar Geldiýew (ikisi hem ― «Altyn asyr»), Wezirgeldi Ylýasow, Yhlas Saparmämmedow, Mirza Beknazarow, Merdan Gurbanow (ählisi ― «Ahal»), Yhlas Magtymow («Şagadam»), Döwletmyrat Seýitmuhammedow («Köpetdag»), Ruslan Mingazow («Prşibram», Çehiýa),  Arslanmyrat Amanow («Lokomotiw», Özbegistan), Artur Geworkýan («Persib Bandun», Indoneziýa);

hüjümçiler: Meýlis Diniýew («Köpetdag»), Altymyrat Annadurdyýew, Myrat Ýagşyýew (ikisi hem ― «Altyn asyr»), Pirmyrat Sultanow («Ahal»), Didar Durdyýew («Ahal»), Wahyt Orazsähedow («Dordoý», Gyrgyz Respublikasy).

Aşgabatdaky türgenleşiklerden soňra, milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Birleşen Arap Emirliklerindäki türgenleşikler üçin 23 futbolçyny saýlap alar. 3 ― 11-nji iýun aralygynda Dubaý şäherinde geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda türkmen futbolçylarynyň Ugandanyň (dünýä sanawynda 79-njy orun) we Jiboutiniň (dünýä sanawynda 197-nji orun) ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegine garaşylýar.

Ýeri gelende aýtsak, Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümine türkmenistanly hünärmenler Maksim Belyh («Ahal») bilen Begenç Garaýew («Altyn asyr») hem goşuldy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň