Türkmenistan Heläkçilikleriň howpunyň azaldylmagy boýunça Global platformasynyň işine gatnaşýar

10:3918.05.2019
0
3252

13-17-nji maý aralygynda Ženewada «Durnuklylygyň gazanylmagyndaky üstünlikler: durnukly we inklýuziw jemgyýetleriň ýolunda» ady bilen heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global platformanyň 6-njy mejlisi geçirilýär.

Bu Forumda Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasarynyň, Goranmak ministrliginiň raýat goranyş we halas ediş işleri boýunça baş Müdirliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana wekilçilik edýär.

Heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global platforma Heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň (2015-2030-njy ýyllar) monitoring prosesiniň we durmuşa geçirilmeginiň möhüm düzüm birligi bolup durýandyr.

Forumyň çäklerinde Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegindäki öňegidişlikleriň meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli dialog, global analitiki synyň tanyşdyrylyşy, innowasion platforma, bilim barlaghanalary, şeýle hem ugurdaş tematiki çäreler guraldy.  

Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň tizleşdirilmeginiň meselelerine bagyşlanan ministrler derejesinde geçirilen tegelek stoluň barşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy DÖM-nyň ekologiki düzüminiň, şol sanda Howanyň üýtgemegi hakyndaky Pariž ylalaşygynyň we has takygy Heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Türkmenistanyň tejribesini paýlaşdy.

Forumyň çäklerinde şeýle hem türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň BMG-niň Heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Ýewropa Sebitleýin edarasynyň müdiriýetiniň başlygy hanym Paolo Albrito bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň