Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýarym goragçy Ahmet Ataýew Malaýziýanyň "Sabah" toparyna geçdi

11:2916.05.2019
0
16653

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ahmet Ataýew erkin oýunçy hökmünde Malaýziýanyň "Sabah" topary bilen möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy - diýip Daily Express neşiri habar berýär. Topar Malaýziýanyň çempionatynyň ikinji dwizionynda ýaryşyp, häzirlikçe üçünji orunda barýar. 28 ýaşly türkmen futbolçysy täze toparynda 7 belgili köýnekçede çykyş eder.

"Sabah" futbol kluby Malaýziýanyň gündogaryndaky adybir şähere wekilçilik edýär. 1963-nji ýylda esaslandyrylan klub 1995-nji ýylda Malaýziýanyň kubogyna, şondan bir ýyl soňra bolsa ýurduň çempionlygyna mynasyp boldy. Ýerli hünärmen Jeilus Ataingiň tälim berýän topary öz meýdanyndaky duşuşyklaryny 35 müň orunlyk "Likas" stadionynda geçirýär.

Ýurdumyzyň çempionatynda "Talyp sporty", "Ýedigen", "Altyn asyr" ýaly toparlarda çykyş edne ýarym goragçy soňky ýyllarda Indoneziýanyň "Arema" we "Persala" toparlarynyň üstünlikleri üçin göreşdi. Ahmet Ataýewiň 2015-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy saýlanandygyny hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň