Şu gün - 15-nji maýda Aşgabatda GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumy öz işine başlady, oňa gatnaşmak üçin Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan 200-den gowrak wekiller Türkmenistanyň paýtagtyna geldiler.
Şu ýyl forumyň temasy - «Arkalaşygyň umumy ynsanperwerlik giňişligi: medeniýet, ylym, bilim ulgamynda gatnaşyk» bolup durýandyr.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýazylyşy ýaly, plenar mejlisleriniň we ýöriteleşdirilen bölümçelerinde ylym, bilim we sungat işgärleri hünär özarahereketleriniň dürli ugurlaryny: bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze formatlaryny, ýaşlar bilen işlenilende yzygiderliligi we innowasiýalary, medeniýetara gatnaşyklaryň kemala getirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA-da Kitap ýylynyň geçirilmegi bilen baglylykda kitabyň we kitap okamagyň ilerledilmeginiň meseleleri wekiliýetleriň aýratyn üns merkezinde bolarlar. «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly panel ara alyp maslahatlaşmalar ynsanperwerlik ulgamynda ýewraziýa hyzmatdaşlygyna bagyşlanar.
Şeýle hem GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumynyň işiniň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.