Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Garagumyň jümmüşindäki emeli kölüň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

12:4008.05.2019
0
8873
Türkmenistanyň Prezidenti Garagumyň jümmüşindäki emeli kölüň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiniň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim ädildi. Bu «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy bolup durýandyr. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany ýadygärlik ýazgysyny goýdy we ol kapsula ýerleşdirildi, bu bolsa täze toplumyň desgalarynyň biriniň binýadyna goýuldy.

Şeýle hem bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we wekilleri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara bilermenleri, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň žurnalistleri gatnaşdylar. 

«Altyn Asyr» köli ägirt uly gidrotehniki taslama bolup, ol suw hem-de ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagy bilen daşky gurşawyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Köli döretmek işi ýönekeý däldir. Munuň üçin ýurdumyzyň ähli sebitlerinden suwarylýan ýerleriniň şor suwlarynyň ýygnalmagy üçin şor suw akabalarynyň hem-de olary Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşen ägirt uly Garaşor tebigy çöketligine akdyrmagyň ulgamy döredilendir. 

Täze iri göwrümli durmuş-önümçilik toplumy hem-de Türkmen köli bu sebitde biri-biriniň üstüni ýetirýän desgalar bolup, bu ýerde ekerançylyk, maldarçylyk we oba hojalygynyň beýleki ulgamlarynda işleýän adamlar ýaşap bilerler. Işlenilip düzülen meýilnama laýyklykda durmuş-önümçilik toplumy iki tapgyrda gurlar we onuň birinji tapgyry 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyllar aralygynda, ikinji tapgyry bolsa 2022-nji ýyldan 2025-nji ýyllar aralygynda gurlup ulanmaga beriler.   

Türkmenistanyň bu ugurda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berýändigini bellemek zerurdyr. Çünki suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylyşy, has dogrusy Türkmenistanyň milli ösüş maksatlarynyň işlenilip düzülmeginde gaýragoýulmasyz ulanylýan Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek işinde ol Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hem möhüm bölegi bolup durýandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň