Soňky habarlar

Arhiw

Žurnalistleriň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi

10:3301.05.2019
0
4797

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň, Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebiniň hem-de «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň sportuň köpçülikleýinligini artdyrmak maksady bilen žurnalistleriň arasynda her ýyl geçirmegi meýilleşdirýän şaşka ýaryşynyň ilkinji bäsleşigi “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hemaýatkärliginde gurnaldy. Bäsleşige köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýüzlerçe wekili bilen bir hatarda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň žurnalistika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlaryň onlarçasy gatnaşdy - diýip "Atavatan Türkmenistan" halkara žurnalynyň resmi saýty habar berýär.

Dabarada ýaryşyň hormatly myhmanlary, ýagny Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Parahat Agaýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew, şeýle hem “Biznes reklama” gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew dagylar ýeňijilere “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlaryny, “Makul hyzmat” terjime merkeziniň ýörite taýýarlan gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdy.

Şeýlelikde, 

Zenan žurnalistleriň arasynda:

1-nji orna – Zyba Suhanowa,

2-nji orna – Güljan Durdyýewa,

3-nji orna – Oguljennet Paşşykowa,

Erkek žurnalistleriň arasynda:

1-nji orna – Rüstem Hojageldiýew,

2-nji orna – Aganyýaz Garýagdyýew,

3-nji orna – Eziz Geldimyradow,

Talyp žurnalistleriň arasynda:

1-nji orna – Merjen Annaýewa,

2-nji orna – Maral Rozyýewa,

3-nji orna – Leýla Garryýewa mynasyp boldy. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň