Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyryň" AFK-nyň kubogyndaky deňlik tapgyry dowam etdi

18:1030.04.2019
0
7220

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň üçünji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda täjikleriň “Hujand” topary bilen geçiren duşuşygyny 0:0 hasabynda deňlikde tamamlady.

Bäş müň tomaşaçynyň şaýatlyk etmeginde geçirilen bu duşuşykda howply pursatlaryň köp bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Oýnuň dowamynda “Altyn Asyr” topa köp erk etdi. Täjikleriň topary oýnuň dowamynda toparymyzyň derwezesine howply urgularyň 12-sini depmegi başardy. “Altyn Asyryň” hem tapawutlanmaga howply pursatlarynyň ikisini döredendigini aýtmak gerek. Ýöne muňa garamazdan, duşuşykda hasap açylmady.

Şeýlelikde, bu tapgyryň birinji duşuşygyndan soň “D” toparçadaky ýagdaý üýtgewsiz galdy. Bu toparçada iki oýunda dört utuk toplan Duşenbeniň “Istikloly öňdäki orny eýeleýär. Üç duşuşykda dört utugy bolan “Hojand” ikinji orunda ornaşdy. Üç duşuşykda üç utuk toplan “Altyn Asyr” üçünji, iki oýunda 1 utugy bolan gyrgyzlaryň “Dordoýy” dördünji orunlary eýeleýärler. Ýeri gelende aýtsak, Duşenbeniň “Istikloly” üçünji tapgyryň duşuşygyny 1-nji maýda geçirip, öz meýdançasynda gyrgyzlaryň “Dordoýyny” kabul eder.

Bellik: duşuşygyň protokoly habaryň rus dilindäki tarapynda doly ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň