Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministrini kabul etdi

15:4128.04.2019
0
3903

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al Fadleýi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada düýpli pikir alyşmalar boldy, söwda-ykdysady, ynsanperwer-medeni gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn depgini bellenildi. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň maý aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Saud Arabystany Patyşalygynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al Fadleý birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň