Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda atly päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryş geçirildi

11:3125.04.2019
0
9743

Düýn, günüň ikinji ýarymynda köp sanly adamlar we paýtagtymyzyň myhmanlary Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň açyk manežiniň ýanyna ýygnandy. Bu ýerde sportuň olimpiýa görnüşleriniň biri hasaplanylýan päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşlar guralýar. Ahalteke bedewleri sportuň bu görnüşinde oňat netijeleri görkezýär.

Bäsleşige bedewleriň ýigrimiden gowragy gatnaşdy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň we Atçylyk sporty merkeziniň atlary bar. Kanadaly hünärmen Stefan Fransis Bukman ýaryşlaryň baş emini boldy.

Iki tapgyrda geçirilýän şu günki bäsleşikleriň tertipnamasyna laýyklykda, çapyksuwar 11 päsgelçilikden geçmeli. Şolaryň beýikligi birinji tapgyrda 1 metr 10 santimetrden 1 metr 15 santimetre çenli. Ikinji tapgyrda bolsa 1 metr 20 santimetrden 1 metr 30 santimetre çenlidir, ikinji tapgyrda has az jerime alanlar we ähli bäsleşikleri ýokary tizlikde geçen bedewler ýeňiji hasaplanylýar.

Bu bäsleşik çapyksuwarlaryň bedewlere erk etmek sungatyna bolan ussatlygyny we bedewleriň päsgelçiliklerden geçen derejesini hem-de şeýle ýagdaýda tizligini artdyrmaga bolan ukybyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň