Archive news

Aşgabatda Belarusyň bilim sergisi geçirildi

13:0022.04.2019
0
8089
Aşgabatda Belarusyň bilim sergisi geçirildi

Şu günler Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri 22 – 23-nji aprel aralygynda ýurdumyzda saparda bolýarlar. Ýakynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda Belarusuň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisi guraldy. Sergide okamaga isleg bildirýän ýaşlar we olaryň ene-atalary Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň bilim maksatnamasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Bilim sergisine Belarus döwlet ulag uniwersitetiniň, P.O. Suhoý adyndaky Gomel döwlet tehniki uniwersitetiniň, Grodno döwlet agrar uniwersitetiniň, A.S. Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetiniň, Polosk döwlet uniwersitetiniň, Witebsk döwlet tehnologik uniwersitetiniň, Belarusuň alyjylar birleşiginiň söwda-ykdysady uniwersitetiniň, MITSO halkara uniwersitetiniň, Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetiniň — jemi 20-den gowrak ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary we hünärmenleri gatnaşyp, ýokary okuw mekdepleri barada giň­den tanyşdyrdylar

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň