Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Senagat işgärleriniň güni döredildi

19:3829.03.2019
0
7215

Ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de hilini ýokarlandyrmakda toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Senagat işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Senagat işgärleriniň gününiň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) «Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 74-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň 127-nji maddasy);

2) «Himiýa senagatynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji aprelinde çykaran 82-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 4 — 5-nji ýygyndysynyň 165-nji maddasy).

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy marty.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň