Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow: “Halkara derejesinde Türkmenistana wekilçilik etmek meniň üçin belent mertebe”

23:5827.03.2019
0
21338

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Minsk ― Aşgabat howa gatnawy bilen АСА-nyň (Absolute Championship Akhmat) ýeke-täk türkmenistanly wekili, bu başa-baş göreş ýaryşynyň çempiony Döwletjan Ýagşymyradow ýurdumyza geldi. Turkmenportalyň habarçylary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türgen bilen duşuşyp, söhbetdeş boldular. Gijeki uçuşyň beren ýadawlygyna garamazdan, D.Ýagşymyradow biziň portalymyzyň ýörite söhbetdeşliginden ýüz döndürmedi.

― Döwletjan, polşaly Karol Selinski bilen tutluşykda gazanylan ýeňişden soňra dogduk Watanyňa dolanyp gelmek sizde nähili duýgulary döredýär.

― Elbetde, bu meniň üçin örän ýakymly.

― Siz täze ýaryşyň ― Absolute Championship Akhmatyň ilkinji çempiony hökmünde taryha girdiňiz. Bu siziň üçin nämäni aňladýar?

― Çempionlyk tituly meniň arzuwlarymyň we yhlasymyň miwesi. Men onuň üçin köp göreşdim. Tutluşyk üstünlikli geçdi we men çempion boldum.

― Tutluşyk siziň garşydaşyňyzyň Watanynda ― Polşada geçdi. Onuň janköýerleriniň uly goşunynyň içinde ýeňiş gazanmak ýeňil düşen däl bolsa gerek.

― Hakykatdan-da, ony çar ýandan goldadylar, meni bolsa hiç kim goldamady diýseň hem boljak. Elbetde, bu ruhy ahwalat tutluşykda goşmaça agram. Ýöne tutluşyk meýdançasynyň gözenekleri ýapylansoň, sen garşydaşyň bilen başa-baş galýarsyň. Ondan soň oňa janköýerler hem kömek edip bilmeýär.

― Indiki maksatlaryňyz barada bilmek hem gyzykly.

― Ýene käbir çakylyklara garaşýaryn. Wagty gelende, size habar bererin.

― Siz Türkmenistanda haçana çenli galmakçy?

― 18-nji aprele çenli. Soň ýene türgenleşiklerim bar.

― Bärdäki wagtyňyzy nähili geçirmekçi?

― Garyndaşlarymyň, ýakynlarymyň, enemiň ýanynda dynç alaryn.

― Tutluşykdan soňra siz ýeňşiňizi eneňize bagyşlaýandygyňyzy aýdypdyňyz. Ol özüni nähili duýýar?

― Ol meni gutlady we jaň edende: “Görýäňmi, biziň arzuw edişimiz ýaly boldy, biz ýeňdik” diýdi. Ol hem meniň ýeňşimi arzuw edýärdi, maňa bu ýeňşi eneme bagyşlamak örän ýakymly boldy.

― Siz ýaryşlara hemişe Türkmenistanyň baýdagyny alyp çykýarsyňyz. Munuň sebäbi näme?

― Men öz Watanymy örän söýýärin. Halkara ýaryşlarynda ýaşyl Tugumyz bilen çykmak meniň üçin belent mertebe.

― Size meşhurlyk näderejede täsir edýär?

― Täsir etmeýär diýen ýaly. Kim bolsaň hem, öz bolşuňda galmaly.

― Onda-da siziň garşylanmagyňyz, awtograflaryň soralmagy, surata düşmek boýunça haýyşlar siziň üçin ýakymlydyr-a!

― Elbetde, ýakymly. Tälimçim maňa şeýle diýýär: “Döwlet, sen ýeňiş gazansaň, million dost, million janköýer gazanarsyň, emma ýeňilseň, sende diňe hakyky dostlaryň galar. Şuňa hemişe taýýar bol!”. Bu nämäni aňladýar? Meşhurlyk şu gün bar, ertir bolsa ýok.

― Onda, siziň üçin esasy zat näme?

― Esasy ― adam bolup galmak.

― Başlangyç türgenlere nähili maslahatlary berip biljek?

― Ilkinji nobatda, ata-enelerini, özünden ululary, mugallymlaryny, tälimçilerini sylasynlar, sporty söýsünler. Bu zatlar maksada ýetmegiň ilkinji ädimleri.

― ACA-nyň çempionlygyndan soňra siz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sporty ösdürmekde alyp barýan işleri üçin hoşallyk bildirdiňiz.

― Hawa, biziň Prezidentimiz ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi üçin uly tagalla edýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Indiki ýyl bolsa paýtagtymyz sambo boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Siz hem üns berýän bolsaňyz, soňky bäş ýylyň içinde türkmen türgenleri dünýä ýyldyzlaryna iň güýçli garşydaşlara öwrüldiler. Munuň özi tutuş ýurdumyz üçin hem örän uly ädimdir. Men türgenlerimiziň mundan beýläk hem iň ýokarky orunlara mynasyp boljakdygyna ynanýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň