ACA-nyň çempiony Döwletjan Ýagşymyradow Türkmenistana geldi

05:0127.03.2019
0
42297

Şu gün irden Minskiden Aşgabada gelen howa gatnawy bilen ACA başa-baş göreş çempionatynyň ilkinji türkmenistanly wekili we çempiony Döwletjan Ýagşymyradow ýurdumyza geldi. Onuň şu ýylyň 16-njy fewralynda Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen çempionatda ýarymagyr derejesinde ýerli türgen Karol Selinskini ýeňip, çempion bolandygy ildeşlerimiziň ýadyndadyr.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde meşhur türgeni ildeşlerimiziň we ýakynlarynyň birnäçesi garşylady. Birnäçe muşdalary bolsa ondan bilelikde surata düşmegi haýyş etdi. Ýolundan biraz saklanýan hem bolsa, kiçigöwünli türgen
hiç kimiň göwnüni ýykmady, isleg bildiren muşdaklarynyň ählisi bilen surata düşdi. 
Ýakynda D.Ýagşymyradow bilen ýörite söhbetdeşligi hem okyjylarymyza ýetireris. Häzir bolsa onuň Aşgabada gelen pursatlaryndan taýýarlanan fotoreportažy duşuňyzdan geçirmäň.


 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň