Surat: Turkmenportal
Turkmenportalyň habarçysy şu günler Aşgabatda gysga wagtlyk iş saparynda bolýan Kazanyň "Rubin" futbol klubynyň akademiýasynyň ýolbaşçysy Iwan Danilýans bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşlikde tejribeli hünärmeniň "Aşgabat" stadionynda ýaşajyk futbolçylar bilen geçiren türgenleşiginden, kämilleşiş okuwyndan soňra gurnaldy.
- Iwan Albertowiç, mundan birnäçe gün ozal Gurban Berdiýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol siziň ýakyn günlerde Aşgabada gelip, Türkmenistanda çagalar futbolyny ösdürmek bilen bagly gyzykly maslahatlary berjekdigiňizi aýtdy. Eger mümkin bolsa, Türkmenistan bilen "Rubiniň" bilelikde hereket etmek arkaly bu wezipäni niçik amala aşyryp biljekdigini biziň portalymyzyň okyjylary bilen hem paýlaşaýsaňyz.
- Biz şu gün Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen bu barada gürleşdik, hakykatdan-da, biz bilelikdäki hyzmatdaşlyk arkaly futbolyň Türkmenistandaky parlak geljeginiň binýadyny goýup bileris.Ilkinji wezipe öňde durýan meseleleri kesgitlemekden ybaratdyr, indiki duşuşyklarymyzda bolsa biz olary çözmegiň ýollaryny bilelikde gözläris. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan gurnalan hem, şu topraklarda doglan hünärmenler hökmünde, biz watandaşlarymyza kömek etmäge hemişe taýýar. Dogduk Watanymyzyň adynyň futbolda-da dünýä çykmagy her bir türkmenistanly bilen bir hatarda bizi hem begendirer.
- Siz futbol klublaryny toplumlaýyn özgertmek we ösdürmek boýunça tejribeli hünärmen. Mundan birnäçe ýyl ozal "Rubinde" amala aşyran özgertmeleriňizi Türkmenistanda ýola goýmak baradaky pikirleriňizi hem biläýsek.
- Bu mesele babatynda, şu günki günde Türkmenistanyň mümkinçilikleri "Rubine" garanyňda hem has ýokary. Çünki ýurtda örän ajaýyp sport özgertmeleri mundan birnäçe ýyl ozal başlanypdyr. Bize başdan başlamak gerek bolmaz. Aslynda, uly bir özgertmeleri geçirjek bolmagyň hajaty ýok. Türkmen sporty bu gün dogry ýol bilen ösüşlere sary ilerleýär. Ähli welaýatlarda döwrebap sport toplumlary bar we olar ähli zerurlyklar bilen doly üpjün edilen. Bize Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda diňe şol özgertmeleriň üstüni ýetiräýmek galýar. Mundan beýläk tälimçileriň taýýarlygyny güýçlendirmeli, okgunly senenama boýunça işlemeli we güýçli garşydaşlar bilen jogapkärli ýaryşlara köpräk gatnaşmaga ýykgyn etmeli.
- Türkmenistanda alnyp barylýan sport gurluşyklary barada pikirleriňiz...
- Örän ajaýyp! Ajaýyp we olaryň mümkinçilikleri doly peýdalanylýar. Türkmen ýaşlarda olarda ýokary şertleriň gurşawynda türgenleşmäge mümkinçilik alýarlar, okaýarlar. Netijede bolsa, bu binalarda türkmen sportunyň, şol sanda futbolyň hem ýagty geljegi ýetişip gelýär.
- Türkmenistanda “Rubin” ýaly kluby döretmek mümkinmi?
― Gürrüňsiz. Elbetde, munuň üçin köp işlemeli bolar. Milli ýygyndy, diňe ol hem däl, olimpiýa, ýaşlar, ýetginjekler ýygyndylary, ilki bilen, Aziýa yklymyndaky görkezijilerini gowulandyrmaga ýykgyn etmeli. Edil beýleki Aziýa, Okeaniýa, Amerika döwletleri ýaly dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýiti göreşe goşulmaly. Biz muny TFF bilen uzak wagtlyk hyzmatdaşlyklarymyzyň netijesinde amala aşyryp bileris. Şu günki duşuşykdan soň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda işleriň alnyp barlyşyny has ýokary derejä çykarmaga çynlakaý çemeleşiljekdigine ynanýaryn.
― Diýmek, Aşgabatda “Rubiniň” şahamçasyny döredip boljak-da!
― Elbetde. Bu ýerde zehinli çagalar örän kän. Olardan geljegimiziň ätiýaçlygyny emele getirip bileris. Biz şu maksady çynlakaýlaşdyryp, bilelikde işleşmäge we tejribämizi paýlaşmaga taýýar. Munuň üçin özümiz tarapyndan ähli mümkinçilikleri hem dörederis.
― Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen anyk gepleşikler geçirildimi?
― Biz ertir ýene duşuşarys ― bu gezek başga düzüm bilen. Bu meseläni duşuşyklarymyzda ara alyp maslahatlaşyp bileris. Galyberse-de, bu wezipe gysga saparlaryň miwesi däl. Biz geljekki gepleşiklerimizde bu barada anyk bir karara gelip bileris.
― Siz Türkmenistanda soňky gezek haçan bolupdyňyz?
― 2012-nji ýylda.
― Aşgabat geçen döwrüň içinde düýpli özgeren bolsa gerek. Siz dogduk şäheriňizi tanadyňyzmy?
― Her gezek gelenimde Aşgabadyň tanalmaz derejede özgerendigine şaýat bolýaryn. Bu şäher edil ertekiler şäheri ýaly. Köne şäherden nam-nyşan galmandyr. Maňa diňe käbir köçeler, käbir etrapçalar tanyş. “Köpetdag”stadionynyň töwereklerini ýatlap bilýärin. Men şu sebitlerde doglupdym we önüp-ösüpdim. Alyşir Nowaýy, ozaky “WLKSM-yň 40 ýyllygy”, Kemine köçeleri maňa tanyş.
― Aşgabatda siziň garyndaşlaryňyz ýaşaýarmy?
― Hawa, bu şäherde garyndaşlarymyň birnäçesi bar.
― Siz bilen Türkmenistanda indi haçan görşüp bileris?
― Bilmedim, bu Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna bagly. Gurban Bekiýewiçe, maňa “ýaşyl yşyk” ýakyldy, geljekde-de öňde duran wezipeleri bilelikde maslahatlaşarys diýip umyt edýärin.