Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

14:1918.03.2019
0
6037

Aşgabatda geçirilen türkmen-bahreýn gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň, iki döwletiň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Bahreýniň Merkezi bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň Ýaşlar we sport işleri ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda elektron hökümet babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Ulag babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda zenanlaryň işleri babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň