Top.Mail.Ru

Türkmenistanda Ispaniýanyň ilçisi işläp başlady

22:2412.03.2019
0
4086

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fernando Walderram Parehden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň hem-de Ispaniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi öz nobatynda mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Doly ygtyýarly wekil parahatçylyk döredijiniň hormatyna eýe bolan döwletde özüne ynanylan wezipäni mynasyp ýerine ýetirmegi özi üçin abraý saýýandygyny hem-de türkmen-ispan gatnaşyklaryny üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda jenap Fernando Walderram Parehe Türkmenistanyň içeri syýasatynyň esasy ugurlary, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady ugrunyň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň gerimi hakynda habar berildi.

Duşuşykda dostlukly ýurtlaryň döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, BMG hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem ilçi Mejlisiň düzümi hem-de köptaraplaýyn işi, ýurdumyzda geçirilýän demokratik özgertmelerde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.

Doly ygtyýarly wekil Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine uly gyzyklanma bildirip, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köptaraplaýyn mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Ulag ulgamy, suwdan peýdalanmak hem-de energetika ulgamlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, syýahatçylyk, şeýle hem ylym-bilim ulgamynda geljekki gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

***

Şu gün Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şonda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň