1-nji martda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda balyk hojalygy pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
«Ahalbalyk», «Balkanbalyk», «Daşoguzbalyk», «Lebapbalyk» we «Marybalyk» kärhanalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan hususylaşdyryldy. Şunuň bilen birlikde, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem «Balkanbalyk» kärhanasynyň Hazar deňzinde balyk tutýan gämileri tapgyrlaýyn abatlandy. Häzirki döwürde balyk tutmagyň möçberlerini 3 esse artdyrmaga mümkinçilik döredi.
Howdanlarda balyk gorlaryny köpeltmek maksady bilen, «Daşoguzbalyk» kärhanasy tarapyndan 16 million balyk tohumy welaýatyň köllerine we howdanlaryna goýberildi. «Marybalyk» kärhanasy tarapyndan Murgap etrabynda balyk tohumlaryny ösdürip ýetişdirýän meýdany 76 gektar bolan howdanda abatlaýyş-gurluşyk işleri alnyp barylýar. «Ahalbalyk» kärhanasy Kaka etrabynda geotekstil we geomembrana düşelen howuzlaryň gurluşygyny alyp barýar.
«Hazarbalyk» kärhanasynda senagat usulda ýetişdirilen bekre balyklaryndan 2020-nji ýylda işbil almak hem-de içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek meýilleşdirilýär.
Içerki bazary üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, 2018-nji ýylda ýurdumyza getirilen balyk önümleriniň mukdary 43,5 göterim azaldy. Gaplanan balyklary daşary ýurtlara ibermegiň mukdary 73,3 tonna ýetdi. 2019-njy ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda balyk önümleriniň mukdary 480 tonna barabar boldy.
Döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, pudaga degişli täze kärhanalaryň onusynyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň ulanylmaga berilmegi bilen, ýakyn wagtda balyk önümleriniň mukdaryny 574 tonna ýetirmek mümkinçiligi dörär. Şeýlelikde, içerki bazar bu önümler bilen doly üpjün ediler hem-de onuň durnukly eksporty ýola goýlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kärhanalaryň hususylaşdyrylmagynyň ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini artdyrmaga, hususy telekeçiligi depginli ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligini hem-de önümleriň eksportyny artdyrmak, bazar ykdysadyýetine geçmegi çaltlandyrmak boýunça bar bolan mümkinçilikleriň doly derejede ulanylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda ýurdumyzyň telekeçileriniň işjeňligini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bagçylyga degişli täze desgalary gurmak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanda hususylaşdyrylan balyk kärhanalary gowy netije berýär
21:3902.03.2019
0
10182
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň