Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlary hususylaşdyrylar

14:2516.02.2019
0
9471

Türkmenistanda telekeçiligiň ösdürilmegi, maýa goýumlarynyň çekilmegi hem-de netijeli durmuş maksatly bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegi üçin giň şertleri döretmek, şeýle hem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwlet bilen hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 3-nji iýunynda çykaran 14813-nji Kararyna laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan 4 sany döwrebap maldarçylyk toplumy şolaryň potratçylary bolup çykyş edýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hususy emläk hökmünde berildi hem-de şol maldarçylyk toplumlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini 2020-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak bellenildi.
***
Türkmenistanda telekeçiligi has-da ösdürmek, önüm öndürýän telekeçileri döwlet tarapyndan goldamagy dowam etmek maksady bilen, şeýle hem «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 12672-nji Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan we Mary welaýatlarynda gurlan guşçulyk toplumlaryny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň