Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Petronas» Türkmenistan bilen ylalaşygy uzaltmak isleýär

01:2609.02.2019
0
16150

8-nji fewralda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dolandyryş binasynda Malaýziýanyň «Petronas» halkara kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete kompaniýanyň wise-prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Datuk Mohd Anuar Bin Taib ýolbaşçylyk edýär. Ol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri hödürledi.
Bu halkara nebitgaz kompaniýasy Hazar deňzinde ýalpaklygyň 1-nji toplumynyň önümlerini paýlaşmak hakynda baglaşylan 26 ýyllyk şertnamanyň esasynda ýurdumyzda 22 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär. «Petronas» Türkmenbaşy şäherinden günorta-günbatara tarap 80 kilometrlikde ýerleşen bu ýerlerde gazy agtaryp tapmaga, ýatagy işläp taýýarlamaga we gazyp almaga ABŞ-nyň 10,7 milliard dollaryna golaý maýa goýdy. Häzir bu ýerde gaz kondensatynyň gije-gündizleýin ortaça önümçiligi 3 müň 500 tonnadan gowrakdyr, 2019-njy ýylda kompaniýa bu görkezijini 4 müň 129 tonna çenli artdyrmagy maksat edinýär.
1998-nji ýyldan başlap kompaniýa «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetinde bilim aljak Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin halkara bilim maksatnamasyny amala aşyrýar. Bu ýokary okuw mekdebi, şeýle hem bilim bermek we barlag işlerini alyp barmak üçin oňaýly ýagdaýlary döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdi.
Duşuşygyň barşynda kompaniýanyň wekilleri Türkmenistan bilen ylalaşyklary uzaltmak hakyndaky meseläni gozgadylar, şeýle hem nebithimiýa ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Geçen ýylyň oktýabrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän döwrebap toplumyň binýadynda hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirilýändigi aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, ýokary hilli eksport ugurly önümleriň önümçiligini ugur edinýän gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň daşary ýurtly maýadarlar bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Ýakyn wagtda ýurdumyzda gazhimiýa önümlerini öndürýän, şol sanda pes dykyzlykdaky polietilen, polipropilen, poliwinilasetat, poliwinilhlorid, metanol, suwukhlor, natriniň sulfatyny öndürýän täze kuwwatlyklary döretmek boýunça birnäçe taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem taraplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli ýöredýän ýangyç-energetika syýasaty bilen baglylykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň