Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

19:0606.02.2019
0
7607

6-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda 2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda, bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň işi, bu toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek, nebitgaz boýunça hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň örän möhüm orna eýe bolmagyndaky Merkezi Aziýanyň elektroenergetika ulgamyny hem-de 2025-nji ýyla çenli Ýewraziýa ykdysady birleşiginde kemala getiriljek umumy elektroenergetika bazaryny baglanyşdyrmak boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli gün tertibinde parlamentara gatnaşyklaryň, şol sanda degişli ugurlaryň komitetleriniň arasyndaky hem-de halkara derejelerdäki gatnaşyklaryň barha artýan ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselä ünsi çekip, geçen ýyl geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Sergeý Lawrow Türkmenistanyň netijeli çemeleşmesine ýokary baha berdi. Şonuň netijesinde Hazar boýunça ençeme möhüm meseleleri çözmek mümkin boldy. Bellenilişi ýaly, hut Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň Liderleriniň derejesinde gepleşikler başlanyp, ol dürli ugurlarda Hazarda özara hereket etmegiň hukuk kadalaryny berkidýän taryhy, binýatlaýyn resminama bolan Konwensiýa gol çekilmegi bilen tamamlandy.
Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistan taryhda ilkinji gezek Hazar ykdysady forumyny geçirer hem-de Hazarýaka döwletleriniň Liderleriniň nobatdaky, altynjy sammiti şu ýerde, Türkmenistanda geçiriler. Umuman, biziň hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga oňat esaslarymyz bar diýip, Sergeý Lawrow aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol çäreleriň hatarynda daşary işler ministrleriniň geňeşiniň, döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Ykdysady geňeşiň mejlisleri, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumy hem-de beýlekiler bar.
Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň