Süleýman Muhadow «Istiklolyň» üçünji ýoldaşlyk duşuşygynyň bütin dowamynda ýaşyl meýdanda boldy

23:0903.02.2019
0
9028

Geçen möwsümde «Ahalyň» düzüminde çykyş eden Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 25 ýaşly hüjümçisi Süleýman Muhadow, ozal hem habar berşimiz ýaly, Täjigistanyň birnäçe gezek çempiony, şu ýyl taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga huku gazanan «Istiklolyň» hatarynda gözden geçirilýär. Ol täjik toparynyň Daniýanyň wekili «Kýoge» bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda başdan-aýaga ýaşyl meýdanda boldy. Duşuşygyň dowamynda meýdandaky oýunçylaryň aglabasyny çalşan baş tälimçi Hakim Fuzaýlow türkmenistanly hüjümçä 90 minutlap futbol oýnamaga mümkinçilik berdi.
«Istiklol» futbol klubynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, ýoldaşlyk duşuşygy «Emir» sport toplumynyň (Türkiýe) türgenleşik meýdançasynda geçirildi. Ikitaraplaýyn ýiti hüjümlere baý bolan duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. 38-nji minutda Marian Huj Daniýanyň toparyny öňe çykaran bolsa, 55-nji minutda «Istiklol» kapitan Fathullo Fathulloýewiň geçiren goly bilen hasaby deňledi. 
Täjigistanyň çempionynyň Türkiýedäki okuw-türgenleşikleriniň esasy maksady AFK-nyň Çempionlar ligasyna göwnejaý taýýarlanmakdyr. Saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşyk 12-nji fewralda Özbegistanyň Almalyk şäheriniň AGMK futbol topary bilen geçiriler. «Istiklol» ― AGMK jübütleriniň ýeňijisi toparçalara goşulmak üçin Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary bilen güýç synanyşar. Toparyň düzümine kabul edilip, öňde duran saýlama tapgyrlarda «Istiklol» bilen üstünlikli oýny orta goýup bilen ýagdaýynda, Süleýman Muhadow milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanowdan soňra, şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etjek ikiniji ildeşimiz bolup biler. Eger täjik toparyna yklymyň birinji derejeli ýaryşyna çykmak başartmasa, onda geçen ýyllarda bolşy ýaly, «Istiklol» AFK-nyň kubogynda biziň toparymyzyň ― «Altyn asyryň» garşydaşy bolar.
Ýeri gelende aýtsak, Daniýanyň topary bilen geçirilen duşuşyk «Istiklolyň» Türkiýedäki türgenleşikleriň çäginde geçiren üçünji ýoldaşlyk duşuşygydyr. Gazagystanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi «Tobol» bilen geçirilen duşuşygyň birinji ýarymyna gatnaşan Süleýman Muhadow, Bosnýa we Gersogowinanyň «Çeligi» bilen geçirilen ikinji duşuşykda 77 minut ýaşyl meýdanda galdy. Ýöne bu duşuşyklaryň birinde-de ildeşimize tapawutlanmak başartmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň