Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Aziýa kubogy - 2019-daky şygary: “Ýaşyl meýdan, ýaşyl ýygyndy, ýaşyl Türkmenistan”

17:5112.12.2018
0
10053

Ýakynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda Aziýa kubogy - 2019-a gatnaşýan milli ýygyndylaryň şygaryny saýlamak boýunça ses berlişik geçirildi. Şygarlaryň nusgalaryny AFK-nyň hünärmenleriniň özleri saýlady. Şeýlelikde, janköýerler her milli ýygyndy üçin saýlanan dört-bäş şygaryň arasyndan iň mynasybyna öz seslerini berdiler.

Ses berlişigiň netijesinde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy üçin “Ýaşyl meýdan, ýaşyl ýygyndy, ýaşyl Türkmenistan” şygary saýlanyp alyndy. Bu şygar ýaryşyň geçirilýän günlerinde biziň milli ýygyndymyzy gatnatjak awtobusa bezeg berer.

Topardaşlarymyzdan Ýaponiýanyň janköýerleri: “Her kime hormat goýup, hiç kimden çekinmän” diýen şygary saýlan bolsalar, özbek janköýerleri öz milli ýygyndysyna: “Biz şu ýerde. Özbegistan” diýen şygary mynasyp gördüler. Omanyň ýygyndysy üçin bolsa: “4 million ýürek, bir arzuw” diýen şygar saýlanyldy.

Okyjylarymyzy Aziýa kubogy - 2019-da ýaryşjak ähli ýygyndylaryň şygarlary bilen tanyşdyrýarys:

“A” toparça

BAE: “Biziň wagtymyz geldi”;

Tailand: “Çansuek. Bilelikde bir jan, bir ten bolup”;

Hindistan: “Gök ýolbarslar - milletiň umydy”;

Bahreýn: “Hiç haçan “Hiç haçan” diýme”.

 

“B” toparça

Awstraliýa: “Gahrymanlar” beýgelýär”;

Siriýa: “Bir ýygyndy. Bir millet. Bir Siriýa”;

Palestina: “Biz ýeňeris. Biz - Palestina”;

Iordaniýa: “Iordaniýany tapawutlanmaga mejbur et”.

 

“Ç” toparça

Koreýa Respublikasy: “Biz - gyzyllar”;

Hytaý: “Bir arzuw üçin göreşip”;

Gyrgyzystan: “Ak laçynlar”;

Filippinler: “Mümkin bolmadyk sepgidiň arzuwynda”.

 

“D” toparça

Eýran: “80 million adam. Bir millet. Bir ýürek urgusy”;

Yrak: “Şirler hemişe ýeňiş gazanýar”;

Wýetnam: “Altyn ýyldyzyň göreşijileri”;

Ýemen: “Hiç haçan boýun egme”.

 

“E” toparça

Saud Arabystany: “Sähradan yklym tagtyna sary”;

Katar: “Biz we milletimiz ajaýyplygy bilen tapawutlanýar”;

Liwan: “Kedrler* gelýär”;

KHDR: “Çhollimanyň* ruhy bilen”.

 

Kedr - Liwanyň nyşany bolan daragt.

Çhollima - koreý rowaýatyna görä, ganatly at.

 

“F” toparça:

Ýaponiýa: “Her kime hormat goýup, hiç kimden çekinmän”;

Özbegistan: “Biz şu ýerde. Özbegistan”;

Oman: “4 million ýürek, bir arzuw”;

Türkmenistan: “Ýaşyl meýdan, ýaşyl ýygyndy, ýaşyl Türkmenistan”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň