Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany we halkara ylalaşyklarynyň birnäçesini tassyklady

23:5801.12.2018
0
6335

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda “Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”; “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Genosid jenaýatynyň öňüni almak we onuň üçin jezalandyrmak hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda”; Birleşen Milletler Guramasynyň işgärleriniň we onuň bilen bagly işgärleriň howpsuzlygy hakyndaky Konwensiýa Fakultatiw Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna seredildi.
Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň