Türkmenistanyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ýurdumyzyň ilatynyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Balkanabat, Daşoguz we Türkmenabat şäherleriniň her birinde bir sany medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3000 orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň hem-de 3000 orunlyk sadaka jaýynyň taslamalaryny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamalary, eltiji awtomobil ýoluny, aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň, lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny öz serişdeleriniň hasabyna gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we binalary 2021-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Soňky habarlar
Arhiw
Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda täze Ak öýler hem-de sadaka jaýlary gurlar
23:2330.11.2018
0
8980
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň