Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Tunisiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

22:3913.11.2018
0
3225

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Ali Şihiden ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda diplomata Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Jenap Mohamed Ali Şihi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hem-de jemgyýetiň durmuşynda amala aşyrylýan taslamalar we Mejlisiň düzümi hem-de işi bilen tanyşdyryldy.

Tunisiň doly ygtyýarly wekili öz ýurdunyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň we halklaryň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolan parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy nygtaldy.

***

Şol gün Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde duşuşyk hem-de paýtagtymyzdaky muzeýlere, Halkara atçylyk sport toplumyna, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görmek göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň