Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň U-23 ýygyndysy Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 22-nji martda geçirer

13:2910.11.2018
0
1179

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň (U-23) saýlama tapgyryndaky duşuşyklarynyň geçiriljek wagtlary mälim edildi.  

7-nji noýabrda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde Aziýa wekilçilik edýän ýygyndylaryň 44-si toparçalaryň 11-sinde bäsleşjekdigi mälim edildi.

Geçirilen bijä laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy “C” toparçada Yragyň, Ýemeniň hem-de Eýranyň ýaşlar ýygyndylary bilen bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Bu toparçadaky saýlama tapgyryň duşuşyklary 2019-njy ýylyň 22-26-njy martynda Eýranda geçiriler.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy özüniň birinji duşuşygyny 22-nji martda Eýranyň ýygyndysynyň garşysyna geçirer. Şondan soň ýaş futbolçylarymyz yrakly hem-de ýemenli deň-duşlary bilen duşuşarlar.

Saýlama tapgyrynyň çäginde geçiriljek toparçalaýyn bäsleşikleriň jemi boýunça toparçalaryň ýeňijileri hem-de iň gowy netije görkezenleriň dördüsi Aziýa çempionatynyň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Aziýa çempionatynyň (U-23) 2020-nji ýylyň 8-26-njy ýanwary aralygynda Taýlandda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Aziýa çempionatynda ilkinji üç orna mynasyp bolanlar bolsa 2010-njy ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

"С" toparçada geçiriljek oýunlaryň geçiş tertibi:

1-nji tapgyr. 22-nji mart

Yrak — Ýemen
Eýran — TÜRKMENISTAN

2-nji tapgyr. 24-nji mart

Ýemen — Eýran
TÜRKMENISTAN — Yrak

3-nji tapgyr. 26-njy mart

Yrak — Eýran
TÜRKMENISTAN — Ýemen

Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň